Yragyň Demirgazygynda 3 Esger Şehit Boldy

“Penje Gulp” operasiýasy zolagynda terrorçylar bilen bolan çaknyşykda 3 esger şehit boldy, 4 esger ýaralandy.

1831562
Yragyň Demirgazygynda 3 Esger Şehit Boldy

Türk ýaragly güýçleri tarapyndan Yragyň demirgazygynda alnyp barylýan “Penje Gulp” operasiýasy zolagynda terrorçylar bilen bolan çaknyşykda 3 esger şehit boldy, 4 esger ýaralandy.

Milli Goranmak ministrliginden berlen ýazmaça beýannamada, “Penje Gulp” operasiýasy zolagynda 2022-nji ýylyň 24-nji maýynda terrorçylar bilen bolan çaknyşykda üç gahryman egindeşimiz şehit boldy. Ýaralanan 4 egindeşimiz hassahanada bejergi astyna alyndy” diýdi.

Beýannamada “Bizi çuňňur gynandyran bu wakada ýogalan şehitlerimize Alladan rehnet, hossarlaryna, Türk ýaragly güýçlerine we halkymyza gynanç bildirýäris we sabyr dileýäris. Ýaralanan esgerlerimize hem şypa dileýäris” diýildi.



Degişli Habarlar