Terrora garşy göreş tutanýerli ýagdaýda dowam etdirilýär

Siriýanyň demirgazygyndaky Parahatçylyk Çeşmesi sebitine hüjüm guramak üçin taýarlyk görendigi anyklanan ekstremist terror guramasy PKK/ÝPG-e agza 7 terrorçy täsirsiz ýagdaýa getirildi

1831827
Terrora garşy göreş tutanýerli ýagdaýda dowam etdirilýär

Türkiýäniň Milli Goranmak ministrliginden berilen beýanatda, Parahatçylyk Çeşmesi sebitine hüjüm guramak üçin taýarlyk gören PKK/ÝPG-e agza 7 terrorçynyň, komandos güýçleri tarapyndan täsirsiz ýagdaýa getirilendigi mälim edildi. 

Beýleki tarapdan Milli Goranmak ministrligi Yragyň demirgazygyndaky Penje-Gulp sebitindäki operasiýalarynyň gerimini giňeltdi. 

Ministrligiň çeşmelerinden berilen maglumata görä, aşa ýagýan ýagyşlara we çägeli tupana garamazdan dowam edýän operasiýanyň netijesinde komandos güýçleri birnäçe terrorçydan ybarat topary gowakda gabady. 

Komandos güýçleriniň "Boýun egmekleri barada" beren çagyrşlaryna garamazdan, terrorçylar od açyp garşylyk görkezdiler. 

Gowagyň golaýynda ýaragly çaknyşygyň dowam edýändigi habar berildi. 

Beýleki tarapdan serhet zolagyna giden Milli Goranmak ministri Hulusi Akaryň hem, Baş Ştabyň başlygy Ýaşar Güler, Guryýer güýçleriniň serkerdesi Musa Awsewer we Harby-howa güýçleriniň serkerdesi Hasan Küçükakýüz bilen saparyny dowam etdirýändigi aýan edildi. 



Degişli Habarlar