Terrora garşy göreş giň gerimli dowam etdirilýär

Beýanatda sebitdäki operasiýalaryň dowam edýändigi habar berildi

1830740
Terrora garşy göreş giň gerimli dowam etdirilýär

Türkiýäniň Milli Howpsuzlyk gullugy geçiren operasiýasy bilen ekstremist terror guramasy PKK/HPG-nyň Mahmur-Kerkük-Süleýmaniýe sebitlerinden jogapkär terrorçysy Mehmet Erdogany Yragyň demirgazygyndaky Mosul welaýatynda täsirsiz ýagdaýa getirdi. 

Milli Howpsuzlyk gullugy 2021-nji ýyldan başlap Mehmet Erdoganyň Mahmur çadyr düşelgesinde, Hajy Mirza Ali adyny ulanyp ýaşaýandygyny anyklady. 

Şondan soň Milli Howpsuzlyk gullugy Mehmet Erdogany 2022-nji ýylyň 21-nji maýynda Mahmurda geçiren operasiýasy bilen täsirsiz ýagdaýa getirdi. 

Mehmet Erdogan, 1990-njy ýyllardan başlap, köp sanda asuda ilatyň we esgerleriň şehit edilmegi bilen netijelenen hüjümleri guramak barada buýruk berendigi üçin "Konstitutsion düzgüni ortadan aýyrmaga synanyşmak we Döwletiň jebisligini we ýurdyň bütewiligini bozmak" aýyplamalaryndan gözlenýärdi. 

 

Beýleki tarapdan "Eren Gabaw-5" operasiýasynyň çäginde Şyrnak welaýatynyň Bestler Dereler diýilýän ýerinde ekstremist terror guramasyna agza 2 terrorçy täsirsiz ýagdaýa getirildi.

Türkiýäniň Içeri işler ministrligi tarapyndan berilen beýanatda, Şyrnak welaýatynyň Žandarma güýçleriniň sebitleýin serkerdeliginiň koordinasiýasynda Bornowa we Çakyrsögüt Žandarmanyň Komandos güýçlerine degişli toparlar tarapyndan başladylan operasiýanyň çäginde Bestler Dereler sebitinde 2 terrorçynyň öli ýagdaýda ele salynandygy mälim edildi. 

Beýanatda sebitdäki operasiýalaryň dowam edýändigi habar berildi. 

 

Beýleki tarapdan Tunjeli welaýatynyň Owajyk etrabynyň obalyk ýerinde geçirilen operasiýada bolsa, terrorçylar tarapyndan ulanylandygy anyklanan 10 gaçybatalga ýok edildi. 

Tunjeliniň gubernatorlygy tarapyndan berilen beýanata görä, Welaýat Žandarma serkerdeligine degişli toparlar "Eren Gabaw-7 Şehit Žandarma Burak Tortumlu" atly operasiýanyň çäginde etrabyň obalyk ýerlerinde operasiýa geçirdi. 

Obalyk ýerlerde gözleg we saplaýyş işlerini geçiren howpsuzlyk gullukçylary, tokaýlyk zolakda terrorçylar tarapyndan ulanylandygy kesgitlenen 10 gaçybatalga tapdylar. 

Žandarma güýçleri gaçybatalgalary ulanyp bolmajak ýagdaýa getirdiler. 

 

Beýleki tarapdan bolsa ekstremist terror guramasy PKK dargamaga dowam edýär. Şol çäkde ýene-de 1 terrorçy edilen tagallalaryň netijesinde howpsuzlyk güýçlerine boýun egdi. 

Şeýlelik bilen 2022-nji ýylda edilen tagallalaryň netijesinde howpsuzlyk güýçlerine boýun egen terrorçylaryň sany 33-e ýetdi. 



Degişli Habarlar