Prezident Erdogan kolumbiýaly kärdeşi bilen metbugat ýygnagyny geçirdi

Prezident Rejep Taýýip Erdogan Türkiýe-Kolumbiýa gatnaşyklaryny strategik hyzmatdaş derejesine ýetirendiklerini habar berdi

1830035
Prezident Erdogan kolumbiýaly kärdeşi bilen metbugat ýygnagyny geçirdi

Prezident Rejep Taýýip Erdogan, resmi sapar bilen Türkiýä gelen Kolumbiýanyň Prezidenti Iwan Duke Markes bilen duşuşyk geçirdi.

Prezidentiň Dolmabahçe köşgündäki ofisinde geçen duşuşykda, Türkiýe bilen Kolumbiýanyň arasyndaky gatnaşyklar ähli taraplaýyn gözden geçirildi, hyzmatdaşlygyň ösdürilmegi üçin edilip bilinjek ädimler maslahatlaşyldy.

Duşuşykda mundan başgada gün tertibiniň sebitleýin we halkara meseleleri barada pikir alyşyldy.

Duşuşykdan soň metbugat ýygnagy geçirildi. Prezident Erdogan: “Gysga wagt ozal gol çeken umumy resminama bilen ýurtlarymyzyň arasyndaky gatnaşyklary strategik hyzmatdaş derejesine ýetirdik. Ýokary derejeli hyzmatdaşlyk geňeş mehanizmimiziň saýasynda gatnaşyklarymyzy iki ýylda Prezidentler hökmünde geçirjek maslahatlar bilen iň ýokary derejede ele alarys” diýip habar berdi.

Kolumbiýanyň Braziliýadan soň Günorta Amerikada iň uly 2-nji söwda hyzmatdaşydyklaryny aýdan Prezident Erdogan, Kolumbiýa bilen 2021-nji ýylda söwda mukdaryň 2 esse artyp, 2 milliard dollara ýetendigini belläp: “Maksdymyz söwda mukdarymyzy 5 milliard dollara ýetirmek” diýip mälim etdi.

Prezident Erdogan Kolumbiýada 29-njy maýda ilkinji tapgyry geçiriljek Prezident saýlawynyň Kolumbiýanyň halky üçin düşümli bolmagyny diläp, Kolumbiýanyň Prezidenti Iwan Duke Markese we ýanyndaky wekiliýete guran saparlary üçin minnetdarlyk bildirdi.



Degişli Habarlar