Kolumbiýanyň Prezidenti Türkiýede Saparda Bolar

Markes, Prezident Erdoganyň myhmany hökmünde maý aýynyň 20-22-si aralygynda Türkiýede saparda bolar.

1829509
Kolumbiýanyň Prezidenti Türkiýede Saparda Bolar

Kolumbiýanyň Prezidenti Iwan Duke Markes, Prezident R. T. Erdoganyň myhmany hökmünde şu gün Türkiýä geler.

Prezidentiň ýanyndaky Kommunikasiýalar edarasyndan berlen beýannama görä, Markes, Prezident Erdoganyň myhmany hökmünde maý aýynyň 20-22-si aralygynda Türkiýede saparda bolar.

Myhman prezidentiň iş saparynyň çäginde Türkiýe bilen Kolumbiýanyň arasyndaky özara gatnaşyklar ähli taraplaýyn ara alnyp maslahatlaşylar.

Iki lider, aktual sebitara we halkara meseleler hakynda hem pikir alyşar.

Saparyň çäginde özara gatnaşyklaryň pugtalandyrylmagy maksady bilen birnäçe şertnama gol çekişiler.



Degişli Habarlar