Erdogan Pakistanyň Harby Gämisiniň Ulanmaga Berliş Dabarasyna Ýüzlenme Ugratdy

"Pakistan MİLGEM” taslamasyny has uly hyzmatdaşlygymyzyň buşlukçysy diýip hasap edýärin"

1829699
Erdogan Pakistanyň Harby Gämisiniň Ulanmaga Berliş Dabarasyna Ýüzlenme Ugratdy

Prezident R.T.Erdogan “Pakistan MİLGEM” taslamasynyň çäginde Türkiýe tarapyndan öndürilen iň döwrebap ýaraglar we sensor ulgamlary bilen gurşalan 4 gäminiň gurluşygynyň bellenen tertipde dowam edäýändigini aýtdy.

“Pakistan MİLGEM” taslamasynyň üçünji gämisi bolan “Badr” Milli goranmak ministri Hulusi Akaryň, Pakistanyň Premýer-ministri Şahbaz Şarifiň, Pakistanyň Goranyş önümçiligi ministri Muhammed Ysrar Traeeniň we resmi adamlaryň gatnaşmagynda Karaçiniň gämi gurluşyk werfinde deňize düşürildi.

Dabara wideo ýüzlenme ugradan Prezident Erdogan, iki ýurduň arsyndaky taryhy gatnaşyklaryň soňky ýyllaryň anyk mysallaryndan biri bolan bu taslamanyň düşümli bolmagyny arzuw edip; “Goranyş senagatyndaky tejribeleri dostlarymyzy alyşma ygtyýarmyzyň görkezijisi bolan “Pakistan MİLGEM” taslamasyny has uly hyzmatdaşlygymyzyň buşlukçysy diýip hasap edýärin” diýdi.

Pakistany dünýäniň esasy sebitlerinden biri bolan Günorta Aziýanyň strategik ähmiýetli ýurdy hökmünde häsýetlendiren Prezident Erdogan; “Howpsuzlygyny, durnuklylygyny, eşretli ýaşaýyşyny özümiz bilen deň görýän ýurtlarymyzdan biri bolan Pakistanyň harby infrastrukturasynyň güýçlendirilmegi üçin ähli goşandy goşmagy doganlyk borjumyz hökmünde kabul edýäris. İne şu düşünjeler bilen Pakistanyň deňiz güýçleri üçin 4 sany “MİLGEM” kysymly harby gämi gurmak boýunça başladylan taslamanyň pandemiýa garamazdan bellenen tertipde dowam etmegini ýola goýduk. Ikisi Pakistanda, ikisi ýurdumyzda gurlan gämileriň gurluşygy birin-birin gutarýar” diýdi.



Degişli Habarlar