Siriýanyň demirgazygynda PKK/ÝPG-e agza 19 terrorçy täsirsiz ýagdaýa getirildi

Siriýanyň demirgazygyndaky Parahatçylyk Çeşmesi, Ýewfrat Galkany we Zeýtun Şahajygy sebitlerine od açan ekstremist terror guramasy PKK/ÝPG-e agza 19 terrorçy täsirsiz ýagdaýa getirildi

1829354
Siriýanyň demirgazygynda PKK/ÝPG-e agza 19 terrorçy täsirsiz ýagdaýa getirildi

Türkiýäniň Milli Goranmak ministrliginden berilen beýanatda: "Şehidimiziň ganyny ýerde goýmadyk, mundan soň hem goýmarys. Siriýanyň demirgazygyndaky Parahatçylyk Çeşmesi, Ýewfrat Galkany we Zeýtun Şahajygy sebitlerine od açan ekstremist terror guramasy PKK/ÝPG-e agza 19 terrorçy täsirsiz ýagdaýa getirildi" diýip habar berildi. 

 

Siriýanyň demirgazygyndaky Zeýtun Şahajygy operasiýasy sebitinde ekstremist terror guramasy PKK-a agza terrorçylar tarapyndan minomýot bilen guralan hüjümde ýaralanan esger Haýdar Şenel, ýatyrylan hassahanada şehit bolupdy. 

Türkiýäniň Milli Goranmak ministrliginden berilen beýanatda: "13-nji maýda ýaralanyndan soň hassahanada bejergi astyna alynan Haýdar Şenel, hassahanada edilen ähli tagallalara garamazdan halas edilip bilinmedi we şu gün şehit boldy. Bizi çuňňur gynandyran we gam-gussa bogan bu hadysada ýogalan eziz şehidimize Alladan rehnet, gussaly maşgalasyna, Türkiýäniň Ýaragly güýçleri bilen milletimize gynanç we sabyr dileýäris" diýip habar berilipdi. 



Degişli Habarlar