Hulusi Akar Penje-Gulp operasiýasy barada beýanat berdi

Akar, Ankara Bilim uniwersitedi tarapyndan geçirilen IV Önümçilik we tehnologiýa sergisine gatnaşdy

1829193
Hulusi Akar Penje-Gulp operasiýasy barada beýanat berdi

Türkiýäniň Milli Goranmak ministri Hulusi Akar, Yragyň demirgazygynda ekstremist terror guramasy PKK-a garşy geçirilýän Penje-Gulp operasiýasynyň şu günki güne çenli geçirilen operasiýalaryň zynjyrynyň möhüm halkasydygyny beýan etdi. 

Milli Goranmak ministri Hulusi Akar, Ankara Bilim uniwersitedi tarapyndan geçirilen IV Önümçilik we tehnologiýa sergisine gatnaşdy. 

Programmada çykyş eden Hukusi Akar, çäräniň Penje-Gulp operasiýasyna gatnaşýan esgerlere bagşedilmeginiň özleri üçin buýsandyryjydygyny beýan etdi. 

Hulusi Akar, Türkiýäniň goranyş senagatynda uly işler amala aşyrandygyny, häzirki wagtda edip bilmeýän ýeňil ýaragynyň bolmandygyny aýan etdi. 

Hulusi Akar, türk esgerleriň üpjün edilýän mümkinçilikler bilen gury ýerde, howada we deňizde giň gerimli türgenleşikler geçirýändigini, şeýlelik bilen zerur bolan halatynda ulanmak maksady bilen tejribesini artdyrýandygyny habar berdi. 

Hulusi Akar: "Penje-Gulp operasiýasy şu günki güne çenli geçirilen operasiýalaryň zynjyrynyň möhüm halkasydyr. Esgerlerimiz beýleki operasiýalarda bolşy ýaly, bu operasiýany hem üstünlik bilen tamamlar, terrorçylary hinlerinde ýok eder we iň soňky terrorçy täsirsiz ýagdaýa getirilýänçä çenli göreşini dowam etdirer" diýip mälim etdi. 

Terrorçylaryň liderleriniň howsala içindedigini hem açyk çeşmelerde hem-de razwedka hasabatlarynda görýändiklerini aýdan Akar, esgerleriň boşaňlyga düşmän, ünsüni we duýgurlygyny ýitirmän, artýan kuwwat bilen operasiýalaryny dowam etdirýändigini aýan etdi. 



Degişli Habarlar