Erdogan gün tertibiniň ileri tutulýan ugurlary barada beýanat berdi

Prezident Rejep Taýýip Erdogan Finlýandiýanyň we Şwesiýanyň NATO agza bolmak bilen bagly ýüz tutmasy barada: "NATO howpsuzlyk guramasydyr, terror guramalaryny kabul etmeris. Bu ýurtlar PKK/ÝPG-ä ýer eýeçiligini edýär" diýip habar berdi

1829350
Erdogan gün tertibiniň ileri tutulýan ugurlary barada beýanat berdi
erdogan genclerle bulusma.jpg
erdogan genclerle bulusma1.jpg

Prezident Erdogan Prezidentiň Kompleksindäki Millet Kitaphanasynda geçirilen "Kitaphana duşuşygy" programmasynda, Türkiýäniň tapawutly ýerlerinden gelen ýaşlar bilen duşuşyk geçirdi. 

Ýaşlaryň soraglaryna jogap beren Erdogan, ekstremist terror guramasy PKK/ÝPG-e ýer eýeçilgini edýän Finlýandiýanyň we Şwesiýanyň NATO girmegini goldamajakdyklaryny we Şwesiýanyň terrorçylaryň öýjügidini, Türkiýä garşy ýarag embargosyny hem goýandygyny mälim etdi. 

NATO-nyň howpsuzlyk guramasydygyny aýdan Erdogan: "Bular ýaly howpsuzlyk guramasynyň düzüminde biz terror guramalarynyň bolmagyny kabul etmeris. Şol sebäpli hem tutanýerli ýagdaýda şu syýasatymyzy dowam etdireris we Finlýandiýanyň we Şwesiýanyň NATO girmegini goldamajakdygymyzy, degişli resmilere aýtdyk we ýolumyzy şolar ýaly görnüşde dowam etdireris" diýip habar berdi. 

Erdogan Russiýa-Ukraina söweşi bilen bagly soraga bolsa, Türkiýäniň iki ýurt bilen hem deňagramly syýasat alyp barýandygyny, şol syýasatda ady agzalan ýurtlaryň Döwlet baştutanlary Wladimir Putin we Wladimir Zelenskiý bilen gatnaşyklaryny goparyp, zyňmak niýetleriniň bolmandygyny beýan etdi. 

Putin we Zelenskiý bilen telefon diplomatiýasyny dowam etdirýändigini aýdan Erdogan: "Ýörite wekilimi olaryň ýanyna ugratdym, ugradýaryn we mundan soňky tapgyrda hem şol görnüşde dowam etdireris. Sebäbi täze Jahan urşunyň başlamagyna hem sebitimiz ne-de dünýä hiç hili peýdasy ýok" diýip belledi. 

Prezident Erdogan: "Sebitde durnuklylyk ýurdy bar bolsa, ol hem Türkiýedir, ony goramaga mejburdyrys" diýip nygtady. 



Degişli Habarlar