Erdogan 19-njy maý Atatürki hatyralama, ýaşlar we sport baýramy bilen bagly ýüzlenme berdi

Prezident Rejep Taýýip Erdogan türk ýaşlaryň mümkinçiliklerine ynanýandyklaryny habar berdi

1829313
Erdogan 19-njy maý Atatürki hatyralama, ýaşlar we sport baýramy bilen bagly ýüzlenme berdi

Türkiýäniň Prezidenti Rejep Taýýip Erdogan 19-njy maý Atatürki hatyralama, ýaşlar we sport baýramy bilen bagly ýüzlenme berdi.

Prezident Erdogan ýüzlenmesinde: Gazy Mustafa Kemal Atatürkiň türk ýaşlaryna peşgeş goýup giden 19-njy maýyň, milletiň erjellik we tutanýerlilik yşgynyň dünýä yglan edilen we garşylyk ruhunyň ýaňadandan janlanýan senedigini beýan etdi. 

1919-njy ýylyň 19-njy maýynda türk milletiniň, kolonizator güýçlerine garşy bir we jebis bolup aýaga galandygyny, soňky we baky döwlet, ýagny Türkiýe Respublikasynyň esaslandyrylmagy üçin jem bolup göreşe girişip, gahrymançylyk görkezendigini, ahyrynda mübärek ýeňiş gazanandygyny aýdan Erdogan: "Şu gün hem taryhymyzdan alan güýjümiz we garaşsyzlyk ruhy bilen gelejege tarap ýöreýäris, Türkiýäniň galkynyşyna we ösüşine böwet bolmak isleýänlere garşy arman-ýadaman göreş alyp barýarys. Beýik we güýçli Türkiýe gurmak tutanýerliligimizi dowamly janly saklap, bu ýolda iň möhüm mümkinçiligimiz hökmünde görýän ýaşlarymyzy ähli taraplaýyn goldaýarys, olara mümkinçilikler hödürleýäris" diýip belledi. 

"Milli aň we düşünjä eýe bolan ýaşlarymyz üçin ähli güýjümiz bilen işleýäris, türk ýaşlaryň mümkinçiliklerine ynanýarys" diýen Prezident Erdogan, Türkiýede bilimden sporda, howpsuzlykdan syýasata, söwdadan sungada çenli ähli ugurlar boýunça ýaşlary öň hatarda görmegiň buýsandyryjydygyny beýan etdi. 

Prezident Erdogan: "Ýurdumyzyň 2023 we 2053-nji ýyl maksatnamalaryny durmuşa geçirmek üçin ýaşlarymyz bilen bilelikde ýolumyzy dowam etdireris. Şol pikirler we düşünjeler bilen 19-njy maý Atatürki hatyralama, ýaşlar we sport baýramyny ýaňadandan gutlaýarys, Gazy Mustafa Kemal başda bolmak bilen Milli Azat edijilik söweşiň ähli gahrymanlaryny hormat bilen hatyralaýaryn" diýip nygtady. 



Degişli Habarlar