Elazyg welaýatynda Eren Gabaw-11 operasiýasy başladyldy

Elazyg welaýatynda ekstremist terror guramasy PKK-a garşy Eren Gabaw-11 operasiýasy başladyldy

1829297
Elazyg welaýatynda Eren Gabaw-11 operasiýasy başladyldy

Türkiýäniň Içeri işler ministrliginden berilen beýanata görä, terror guramasy PKK-ny ýurdyň gün tertibinden çykarmak we sebitde bardygy anyklanan terrorçylary täsirsiz ýagdaýa getirmek maksady bilen Elazyg welaýatynda Eren Gabaw-11 (Elazyg-Başak) Şehit Žandarma Rystam Çetin atly operasiýa başladyldy. 

Operasiýa 514 harby gullykçynyň gatnaşýandygy bellenen beýanatda, ýurdyň içinde terrory dolulygyna ortadan aýyrmak maksady bilen geçirilýän Eren-Gabaw operasiýalarynyň, raýatlaryň goldawy bilen erjellik we tutanýerlilik bilen dowam etdiriljekdigi mälim edildi. 

Beýleki tarapdan Tunjeli welaýatynda geçirilýän Eren Gabaw-7 operasiýasynda, terrorçylar tarapyndan ulanylandygy anyklanan 6 gaçybatalga ýok edildi. 


Etiketkalar: #operasiýa , #Elazyg , #Türkiýe

Degişli Habarlar