19-njy maý Atatürki hatyralama, ýaşlar we sport baýramy ýurdyň ähli ýerinde bellenilip geçilýär

Şu gün Türkiýe Respublikasynyň esaslandyryjysy Beýik lider Mustafa Kemal Atatürkiň Samsuna çykyp, Milli azat edijilik göreşiniň alawyny ýakan 1919-njy ýylyň 19-njy maýynyň 103-nji ýyly

1829292
19-njy maý Atatürki hatyralama, ýaşlar we sport baýramy ýurdyň ähli ýerinde bellenilip geçilýär
istanbul 19 mayis.jpg
samsun 19 mayis bayrak.jpg
kasapoglu anitkabir gencler.jpg

Bir ýurdyň azatlygyny milletde gören we Beýik Britaniýanyň flodynyň gelen Stambuldan egindeşleri bilen bilelikde Anadola geçen Atatürkiň 1919-njy ýylyň 19-njy maýynda Samsunda ýakan fakeli 103 ýyl bäri ýanmaga dowam edýär. 

Atatürkiň türk ýaşlaryna peşgeş goýup giden bu möhüm gün 1938-nji ýylyň 20-nji maýynda kabul edilen kanun bilen Atatürki hatyralama, ýaşlar we sport baýramy hökmünde bellenilip geçilmäge başlandy. 

19-njy maý Atatürki hatyralama, ýaşlar we sport baýramy ýurdyň dört künjeginde we daşary ýurtlardaky wekilhanalarda biri-birinden tapawutly çäreler we dabaralar bilen bellinilip geçilýär. 

Paýtagt Ankara şäherinde ilkinji dabara Atatürkiň aramgähiniň ýerleşýän ýeri bolan Anytkabirde geçirildi. 

Ýaşlar we sport ministri Mehmet Muharrem Kasapogly, ýaşlar bilen bilelikde Atatürkiň aramgähini zyýarat etdi. Mawzoleýe gül çemenini goýup, hormatly dymyşlyk eden Kasapogly, Anytkabiriň ýörite depderine şulary ýazdy: "Eziz Atatürk, Türkiýe Respublikasynyň esaslandyrylmagy ýolunda ilkinji fakeli ýakan 19-njy maý senesini ýaşlarymyz bilen bilelikde uly şowhun we busanç bilen belläp geçýäris. Bir asyr ozal azatlygymyz ugrunda göreş alyp baran bu topraklarda biz hem şu gün şol bir ruh bilen Respublikamyz we gelejegimiz üçin iş alyp barýarys. Türkiýäniň we ýaşlarymyzyň gelejegini ýene-de ýaşlar bilen bilelikde gurýarys. Buýsanç bilen aýtmak isleýärin: Ähli Umydym Ýaşlardadyr diýip aýdan sözleriňize laýyklykda, Türkiýe Respublikasynyň ýaşlary şu gün diňe ýurdumyzyň däl, eýe bolan adalat, wyždan we merhemet ýaly duýgular  bilen ähli adamlaryň umydydyr. Has güýçli Türkiýe maksatnamasyna ine şu buýsandyryjy ýaşlarymyz bilen ýöreýäris we ertirki günlere umyt bilen garaýarys". 

Samsun şäherindäki Azatlyk ýolunda Bandyrma gämisini alamatlandyrýan we şol wagtlar Tütün gämi duralgasy diýip bilinýän ýerde gurulan gämi duralgasynda dabara geçirildi. 

Atatürkiň Samsuna gelişini alamatlandyrmak maksady bilen Türkiýäniň baýdagy, Tütün gämi duralgasyndan kenara çykaryldy. 

Stambul şäherindäki Taksim Respublika ýadygärliginiň öňünde hem dabara geçirildi. Ýurdyň çar tarapynda 19-njy maý Atatürki hatyralama, ýaşlar we sport baýramy ýurdyň dört künjeginde dabara bilen bellenilip geçilýär.



Degişli Habarlar