Alžiriň Prezidenti Türkiýede saparda bolýar

Ertir Stambulda geçiriljek Türkiýe-Alžir Işewürler we Maýa goýum forumyna bolsa Prezidentiň orunbasary Fuat Oktaý bilen Tebbun ýolbaşçylyk ederler

1827253
Alžiriň Prezidenti Türkiýede saparda bolýar

Alžir Demokratik Halk Respublikasynyň Prezidenti Abdulmejid Tebbun Prezident Rejep Taýýip Erdoganyň çakylygyna laýyklykda düýn agşam Ankara geldi. 

Kommunikasiýalar edarasyndan berilen beýanata görä, 15-17-nji maý aralygynda guraljak saparyň çäginde, Türkiýe-Alžir Ýokary derejeli hyzmatdaşlyk geňeşiniň ilkinji maslahaty Erdoganyň we Tebbunyň ýolbaşçylyk etmeginde Ankara şäherinde geçiriler. 

Ertir Stambulda geçiriljek Türkiýe-Alžir Işewürler we Maýa goýum forumyna bolsa Prezidentiň orunbasary Fuat Oktaý bilen Tebbun ýolbaşçylyk ederler. 



Degişli Habarlar