Çawuşogly Gaitide zamun alyann 8 türk raýaty barada beýannama berdi

Daşary işler ministri Mewlüt Çawuşogly Gaitide zamun alynan türk raýatlaryň halas edilmegi üçin şol ýurtda krizis gullugynyň döredilendigini habar berdi

1824395
Çawuşogly Gaitide zamun alyann 8 türk raýaty barada beýannama berdi

Türkiýäniň Daşary işler ministri Mewlüt Çawuşogly, Prezidentiň kompleksinde geçirilen Ministrler kabinetiniň mejlisinden soň metbugat işgärlerine beýannama berdi.

Gaitide içinde 8 türk raýaty hem bolan bir ýolagçy awtobusynyň ýolagçylarynyň zamun alynmagy bilen bagly wakanyň üstünde durup geçen Çawuşogly: "Ýakyndan gözegçilik edýäris. Gaitide häzirki wagtda krizis gullugy döredildi" diýip mälim etdi.

Zamun alynmaklarynyň sebäbiniň paç bolup biljekdigini aýdan Çawuşogly, türk raýatlar bilen baglanşykly oňaýsyz maglumatyň ýokdugyny habar berdi. 

Daşary işler ministri Mewlüt Çawuşogly ondan soň bolsa Gaitiniň Daşary işler ministri Žan-Wiktor Ženeus bilen telefon arkaly söhbetdeş boldy. 



Degişli Habarlar