Şyrnak welaýatynda bir esger şehit boldy, bir esger ýaralandy

Içeri işler ministrligi ýazmaça beýanat berdi

1821007
Şyrnak welaýatynda bir esger şehit boldy, bir esger ýaralandy

Türkiýäniň Içeri işler ministrligi Eren Gabaw-5 operasiýasynyň çäginde Şyrnak welaýatynyň Judi Dagy sebitinde terrorçylar bilen ýüze çykan çaknyşykda 1 esgeriň şehit bolandygyny, 1 esgeriň bolsa ýaralanandygyny mälim etdi. 

Içeri işler ministrliginden berilen ýazmaça beýanatda, Şyrnak welaýatynyň Žandarma sebitleýin serkerdeliginiň koordinasiýasy esasynda Judi Dagy sebitinde geçirilýän operasiýada, terrorçylar bilen ýüze çykan çaknyşykda 2 terrorçynyň bolsa täsirsiz ýagdaýa getirilendigi habar berildi. 



Degişli Habarlar