Terrora garşy göreş giň gerimli dowam etdirilýär

Siriýanyň demirgazygynda ekstremist terror guramasy PKK/ÝPG-e agza 12 terrorçy täsirsiz ýagdaýa getirildi

1819713
Terrora garşy göreş giň gerimli dowam etdirilýär

Türkiýäniň Milli Goranmak ministrliginden berilen beýanatda, Siriýanyň demirgazygyndaky Parahatçylyk Çeşmesi we Ýewfrat Galkany sebitlerine PKK/ÝPG-e agza terrorçylaryň hüjüm guramak üçin taýarlyk görendikleri anyklanandygy mälim edildi. 

Geçirilen operasiýanyň netijesinde PKK/ÝPG-e agza 12 terrorçy täsirsiz ýagdaýa getirildi. 

Beýanatda: "Gahryman Türkiýäniň Ýaragly güýçleri Siriýanyň demirgazygynda terrorçylaryň hinlerini ýer bilen ýegsan etmäge dowam edýär" diýip habar berildi. 

 

Beýleki tarapdan Türkiýäniň Ýaragly güýçleri Yragyň demirgazygynda geçirilýän Penje operasiýalary bilen terror guramasyna agyr zarba salýar. 

2019-njy ýylyň 27-nji maýynda Hakurk sebiti bilen başlap, Sinat-Haftanin sebitleri bilen dowam etdirilen Metina we Awaşin-Basýan bilen giňeldilen we soňky tapgyrda bolsa Zap sebitini hem öz içine alan Penje operasiýalarynyň çäginde häzirki wagta çenli 1067 terrorçy täsirsiz ýagdaýa getirildi. 

 

Beýleki tarapdan bolsa Tunjeli welaýatynda PKK-a garşy Eren Gabaw-7 operasiýasy başladyldy. 

Içeri işler ministrliginden berilen beýanata görä, operasiýa 622 howpsuzlyk gullukçysy we 40 operatiw işgär gatnaşýar. 

Operasiýanyň 1-nji gününde Tunjeli welaýatynyň Buzlutepe sebitinde geçirilen gözleg we saplaýyş operasiýalarynyň netijesinde anyklanan 5 gowakda gurama degişli köp sanda resminama we gündelik ýaşaýyş üçin zatlar ele salyndy. 

Ýurdyň içinde terrory dolulygyna ortadan aýrylmagy maksady bilen geçirilýän Gabaw operasiýalary tutanýerli ýagdaýda üstnülikli dowam etdirilýär. 



Degişli Habarlar