S-400 Howa Goranyş Ulgamynyň Ikinji Tapgyrynyň Alynmagy Gün Tertibinde

Goranyş senagaty edarasynyň Başlygy Ismail Demir Russiýadan alynan S-400 howa goranyş ulgamlarynyň ikinji tapgyr aluwynyň gün tertibindedigini beýan etdi.

1819022
S-400 Howa Goranyş Ulgamynyň Ikinji Tapgyrynyň Alynmagy Gün Tertibinde

Ismail Demir Türkiýe radio-telewideniýe guramasyna beýannama berdi.

Türk goranyş senagatynyň önümleriniň alternatiwlerinden has ýokary derejededigini nygtan Demir, terror guramalaryna garşy operasiýalarda ýerli ýaraglaryň ulanylýandygyny aýtdy.

Russiýadan S-400 howa goranyş ulgamynyň ikinji tapgyr aluwy hakynda durup geçen Demir; “Türkiýe kabul eden kararyny ýerine ýetirmäge dowam edýär” diýdi.

2023-nji ýylda Milli söweşjeň uçaryň synag uçuşlaryna başlamagyny meýilleşdirýändiklerini nygtan Ismail Demir; “ATAK dik uçarlarymyz üçin dünýäden uly isleg bildirilýär. ATAK-2 esasan has köp ýük göterýän, ukyby ýokary dik uçar bolar. Dünýäde häzirki wagtda öz synpynda iň gowularyň hatarynda. Biziň şygarymyz: Bir zady adamy öndüren bolsa, biz hasam gowusyny öndüreris” diýdi.

Ýerli amfibiýa hüjüm gämisi “TJG Anadolynyň” ýylyň dowamynda ulanylmaga beriljekdigini beýan eden Demir: “2023-nji ýylda ilkinji uçuşyny amala aşyrjak Milli ýeňil hüjüm uçary “Hüržetiň” dizaýneri dostlarymyz, onuň gämä gonup, uçmagy bilen bagly işleýärler. “TJG Anadolynyň” hem hüjüm gurama ukyby bolar, hem üstünde deňiz ulagyny, gury ýer ulaglaryny we howa ulaglaryny göterýän platforma bolar” diýdi.


Etiketkalar: #S-400 , #ATAK-2 , #Ismail Demir

Degişli Habarlar