Terrora garşy göreş tutanýerli ýagdaýda dowam edýär
Siriýanyň demirgazygynda Ýewfrat Galkany we Zeýtun Şahajygy sebitlerine od açan ekstremist terror guramasy PKK/ÝPG-e agza 7 terrorçy täsirsiz ýagdaýa getirildi
Türkiýäniň Milli Goranmak ministrliginden berilen beýanatda: "Siriýanyň demirgazygyna hüjüm guramak islän terrorçylary garymlara gömmäge dowam edýäris. Siriýanyň demirgazygynda Ýewfrat Galkany we Zeýtun Şahajygy sebitlerine od açan ekstremist terror guramasy PKK/ÝPG-e agza 7 terrorçy geçirilen üstünlikli operasiýa bilen täsirsiz ýagdaýa getirildi" diýip habar berildi.
Beýleki tarapdan Içeri işler ministrligi tarapyndan Şyrnak welaýatynda 581 harby gullukçynyň gatnaşmagynda "Eren Blokada-5 Şehit žandarma Şakir Elkowan" atly operasiýa başladyldy.
Içeri işler ministrligi tarapyndan berilen beýanatda, terror guramasy PKK-ny ýurdyň güntertibinden çykarmak we sebitde bardygy kesgitlenilýän terrorçylary täsirsiz ýagdaýa getirmek maksady bilen başladylan Eren Blokada-5 operasiýasynyň 1-nji gününde Şyrnak welaýatynyň Gabar Dagynyň Karageçit diýilýän ýerinde geçirilen gözleg we saplaýyş işlerinde tapylan gowaklarda we gaçybatalgalarda gurama degişli köp mukdarda resminamanyň we gündelik ýaşaýyş üçin gerek bolan zatlaryň ele salynandygy habar berildi.
Degişli Habarlar
Numan Kurtulmuş Eýranly Kärdeşine Gynanç Bildirdi
Kurtulmuş, Eýranyň Mejlisiň Başlygy Kalibaf bilen telefon arkaly söhbetdeşlik geçirdi.