Prezident Erdogan Iordan Şasy Bilen Telefon Arkaly Söhbetdeşlik Geçirdi

“Jenap Abdullah bilen sebitde parahatçylygyň üpjün edilmegi üçin Türkiýe bilen Iordaniýanyň ýakyndan hyzmatdaşlyk etmegi meselesinde ylalaşyk gazandyk”

1814191
Prezident Erdogan Iordan Şasy Bilen Telefon Arkaly Söhbetdeşlik Geçirdi

Prezident R. T. Erdogan, Iordan Şasy Abdullah II bilen telefon arkaly söhbetdeşlik geçirdi.

Prezident Erdogan, telefon söhbetdeşligi barada sosial mediadan beren habarnamasynda ýaňy ýakynda operasiýa geçiren İordan Şasyna şypa diländigini nygtady.

Remezan aýynda Ysraýylyň howpsyzlyk güýçleri bilen Palestinada başdan geçirilýän wakalaryň gynandyryjydygyny we özlerini aladalandyrýandygyny ýatladan Erdogan “Jenap Abdullah bilen sebitde parahatçylygyň üpjün edilmegi üçin Türkiýe bilen Iordaniýanyň ýakyndan hyzmatdaşlyk etmegi meselesinde ylalaşyk gazandyk” diýdi.



Degişli Habarlar