MHG tarapyndan Siriýada DAIŞ-e garşy möhüm operasiýa geçirildi

Terrorçylar mundan başgada sebitdäki DAIŞ-e agza terrorçylara hem kömek berendiklerini boýun aldylar

1813983
MHG tarapyndan Siriýada DAIŞ-e garşy möhüm operasiýa geçirildi

Türkiýede teorçylykly aksiýa geçirmek üçin taýarlyk görendikleri anyklanan DAIŞ-e agza 2 terrorçy, Türkiýäniň Milli Howpsuzlyk gullugy tarapyndan Siriýada geçirilen operasiýa bilen saklanyp, ýurda getirildi. 

Howpsuzlyk çeşmelerinden alynan maglumata görä, MHG-nyň ýerli razwedka işgärleriniň saýasynda saklanan DAIŞ-e agza O. M. we M. K. atly terrorçylar Hataýyň welaýat Žandarma serkerdeligine gowşuryldylar. 

Tussag edilen terrorçylaryň beren deslapky beýanatlarynda, Türkiýä we Türkiýäniň Ýaragly güýçleriniň Siriýadaky ýerlerine garşy terrorçylykly aksiýa guramak üçin taýarlyk görendiklerini habar berdiler. 

Terrorçylar mundan başgada sebitdäki DAIŞ-e agza terrorçylara hem kömek berendiklerini boýun aldylar. 



Degişli Habarlar