Türkiýe Ýerli Insulin Öndürer

Bu barasynda Saglygy goraýyş ministri Fahrettin Koja beýannama berdi.

1812169
Türkiýe Ýerli Insulin Öndürer

Saglygy goraýyş ministri Fahrettin Koja süýji kesellileri üçin iňňän möhüm bolan ýerli insuliniň öndürilmegi üçin Türkiýäniň Derman we lukmançylyk enjamlary guramasynyň firmalara çagyryş berendigini beýan etdi.

Ministr Koja Twitter hasabyndan beren habarnamasynda; “İnsulin Türkiýede öndüriler. Hroniki kesellerden biri bolan süýji keselinde möhüm ähmiýete eý ebolan insuliniň ýerli önümçiligi üçin işe girişdik. Türkiýäniň Derman we lukmançylyk enjamlary guramasynyň firmalara çagyryş berdi. Öz Kowid-19 sanjymymyzyň önüdirilmeginden soň nobat insuliniň ýerlileşmeginde” diýip ýazdy.



Degişli Habarlar