Prezident Erdogan Ýaponiýanyň Premýer ministri bilen telefon arkaly söhbetdeş boldy
Prezident Rejep Taýýip Erdogan Ýaponiýanyň Premýer ministri Kisida Fumio bilen telefon arkaly söhbetdeş boldy
Kommunikasiýalar edarasyndan berilen beýanata görä telefon söhbetdeşliginde Türkiye-Ýaponiýa gatnaşyklaryny ösdürjek ädimler we Russiýa-Ukraina söweşi başda bolmak bilen sebitleýin meseleler maslahatlaşyldy.
Prezident Erdogan telefon söhbetdeşliginde Türkiye-Ýaponiýa Ykdysady hyzmatdaşlyk ylalaşygynyň iň gysga wagtda netijelendirilmeginiň peýdaly boljakdygyny belläp, energiýa, azyk, oba hojalyk, döwrebap tehnologiýa, goranmak we älem senagaty ýaly ugurlarda hyzmatdaşlyk mümkinçiliklerini işjeň ýagdaýda getirmek isleýändiklerini mälim etdi.
24-nji fewraldan bäri dowam edýän Russiýa-Ukraina söweşiniň hem üstünde durulyp geçilen telefon söhbetdeşliginde, Erdogan od açmazlyk baradaky ylalaşygyň güýje girmegi we ynsanperwer koridorlaryň açylmagy bilan bagly tagallalaryny dowam etdirýändiklerini habar berdi.
Degişli Habarlar
Numan Kurtulmuş Eýranly Kärdeşine Gynanç Bildirdi
Kurtulmuş, Eýranyň Mejlisiň Başlygy Kalibaf bilen telefon arkaly söhbetdeşlik geçirdi.