"Gresiýa bilen dialog kanallarynyň şu günki gün ozalky ýyllardan has açykdygyny aýdyp bileris"

Mewlüt Çawuşogly: "Gresiýa bilen dialog kanallarynyň şu günki gün ozalky ýyllardan has açykdygyny aýdyp bileris" diýdi

1806549
"Gresiýa bilen dialog kanallarynyň şu günki gün ozalky ýyllardan has açykdygyny aýdyp bileris"

Daşary işler ministri Mewlüt Çawuşogly, Kriter žurnalynda SETA gazanasynyň Baş koordinatory Burhanettin Duranyň soraglaryna jogap berdi. 

Kipr meselesi bilen bagly bir soraga jogap beren Mewlüt Çawuşogly, ençeme ýyllap federasiýa esasynda gepleşikleriň geçirilendigini, emma grek tarapynyň türk tarapyny syýasy taýdan deň kabul etmezligi bilen şol gepleşikleriň çökendigini mälim etdi. 

Ähli söhbetdeşlerine Kipr adasyndaky hakykatlara gönükmekleriniň gerekdigi barada ýüzlenme berýändiklerini aýdan Mewlüt Çawuşogly: "Kiprdäki türklere garşy edilýän iki ýüzli çemeleşmeden ýüz öwürmekleriniň gerekdigini aýdýarys. Meýdandaky hakykatlara laýyklykda, iki döwletli çözgüt teklibimize söhbetdeşlerimiz tarapyndan üýtgeýän şertleriň çäginde has ünsli çemeleşjekdiklerine ynanýarys" diýip habar berdi. 

"Gresiýa bilen dialog kanallarynyň şu günki gün ozalky ýyllardan has açykdygyny aýdyp bileris" diýen Mewlüt Çawuşogly, Türkiye Respublikasynyň meseleleriň çözgüdi üçin has ýakyn dialogyň tarapdarydygyny beýan etdi. 

Ykdysady we söwda gatnaşyklaryndaky oňyn güntertibini has hem özgertmek üçin iş alyp barýandyklaryny aýdan Mewlüt Çawuşogly: "Ykdysadyýetde hyzmatdaşlyga gönügen položitel güntertip, 2021-nji ýylda ikitaraplaýyn söwdada oňyn täsirini görkezmäge başlady we 2020-nji ýyla garanyňda 70 göterim artyp 5,2 milliard dollara ýetdi" diýip aýan etdi. 



Degişli Habarlar