Erdogan Russiýa-Ukraina söweşi bilen bagly beýannama berdi

Prezident Erdogan Stambul şäherinde şehit bolanlaryň ýakynlary bilen duşuşyk geçiren Agzaçar programmasynda çykyş etdi

1806170
Erdogan Russiýa-Ukraina söweşi bilen bagly beýannama berdi

Prezident Rejep Taýýip Erdogan, 24-nji fewralda başlan Russiýa-Ukraina söweşi bilen bagly: "Iň gysga wagtda tamamlanmagyny dileýäris" diýdi. 

Prezident Erdogan Stambul şäherinde şehit bolanlaryň ýakynlary bilen duşuşyk geçiren Agzaçar programmasynda çykyş etdi.

"Ülkeleriň ikisi bilen hem ýakyn syýasy, ykdysady we taryhy gatnaşyklara eýe bolan Russiýa-Ukraina söweşini bes etmek üçin giň gerimli tagalla edýäris" diýip aýdan Erdogan, ozal Siriýada başdan geçirilen adamzat tragediýalaryň ýene-de biriniň Ukrainada başdan geçirilýändigini mälim etdi. 

Şol ýagdaýyň Watanyň topragyny goramagyň ähmiýetini ýene-de bir gezek görkezendigini aýdan Prezident Erdogan: "Global söwdanyň deňagramlylygyny bozanlygy üçin oňaýsyz täsirini biziň hem duýan bu söweşiň iň gysga wagtda tamamlanmagyny dileýäris" diýip nygtady. 



Degişli Habarlar