Ünlü: "500 müňe golaý siriýaly öz islegleri bilen meýletin ýagdaýda yzlaryna dolanyp bardylar" diýdi

Türkiýäniň Içeri işler ministrliginiň Migrasiýa gullugynyň başlygy Sawaş Ünlü, Türkiýedäki 500 müňe golaý siriýalynyň öz islegleri bilen meýletin ýagdaýda yzlaryna dolanyp barandyklaryny habar berdi

1802556
Ünlü: "500 müňe golaý siriýaly öz islegleri bilen meýletin ýagdaýda yzlaryna dolanyp bardylar" diýdi

Içeri işler ministrliginiň Migrasiýa gullugynyň başlygy Sawaş Ünlü, Kataryň paýtagty Doha şäherinde geçirilen Doha Forum 2022-niň çäginde geçirilen "Bosgun tolkunynyň dolanşygynda Halkara jemgyýetiň roly: Siriýa we beýleki ýerler" atly bölümde çykyş etdi. 

"Russiýa Siriýa gelmeden ozal Türkiýe özi gönüden Siriýa işlerine goşulyp, bosgun krizisiniň öňüni alyp bilmezdimi?" soragyna Sawaş Ünlü, Prezident Rejep Taýýip Erdoganyň, Siriýada howpsuz zolaklaryň döredilmeginiň gerekdigini, ençeme gezek aýdyp geçendigini, emma şol wagtky dünýäniň şol pikiri goldamandygyny belläp: "Emma Türkiýe öz mümkinçilikleri bilen Siriýanyň dmeirgazygynda şol howpsuz zolaklary emele getirdi we döredilen howpsuz zolaklara 500 müňe golaý siriýaly öz islegleri bilen meýletin ýagdaýda yzlaryna gaýdyp bardylar" diýip habar berdi. 

Türkiýäniň wagtlaýyn gorag statusyna eýe bolan 3,7 million siriýala ýer eýeçiligini edýändigini aýdan Ünlü, şoňa goşmaça ýagdaýda bolsa Türkiýede dünýäniň tapawutly ýurtlaryndan 300 müň töweregi şertli ýagdaýdaky bosgunyň bardygyny mälim etdi. 


Etiketkalar: #Siriýa , #bosgun , #Migrasiýa

Degişli Habarlar