1915 Çanakgala Köprüsi Açyldy

1915 Çanakgala köprüsi şu gün Prezident Erdogan tarapyndan açyldy

1797901
1915 Çanakgala Köprüsi Açyldy
Kenan Sofuoğlu ile Toprak Razgatlıoğlu 4.jpg
Kenan Sofuoğlu ile Toprak Razgatlıoğlu 3.jpg
1915 Çanakkale Köprüsü Gişeleri.jpg
1915 Çanakkale Köprüsü Gişeleri.jpg
1915 Çanakkale Köprüsü5.jpg
1915 Çanakkale Köprüsü.jpg

 

1915 Çanakgala köprüsi 18-nji mart Çanagalla deňiz ýeňişiniň 107-nji ýylynda şu gün Prezident R.T.Erdogan tarapyndan açyldy

Özbolyşlyklary taýdan “simwollaryň köprüsi” häsiýetlendirilýän, inženerçiligindäki detallary öňe saýlanýan “dünýäniň iň uzyn orta aralykly köprüsi” derejsine eýe uzynlygy 4,608 metre barabar bolan 1915 Çanakgala köprüsi bilen Aziýa we Ýewropa materikleriniň arasyndaky geçiş möhleti 6 minuda düşer.

Çanakgala welaýatynyň Lapseki we Gelibolu etraplarynyň arasynda ýerleşýän we “Ajaýyplyklaryň” taslamasy häsýetlendirilýän köprüniň esasy kabelinde dünýäniň daşyny 4 gezek aýlanýan 162 kilometr uzynlygyndaky sim ulanyldy.

Köprüniň 2032 metrlik orta aralygy Respublikanyň 100 ýyllygynyň, 318 metrlik diňleri bolsa Çanakgala Deňiz ýeňişiniň gazanylan ýyly bolan 1915-nji ýylyň tymsaly.

Gyzyl-ak reňkli 334 metr uzynlygyndaky diňler türk baýdagyna wekilçilik edýän bolsa, taslama “dünýäniň in belent diňli asma köprüsi” derejesini hem gazandyrýar.

 



Degişli Habarlar