"Türkiýe Hökmünde Umydyň Simwolyna Öwrüldik"

Prezident Erdogan Ministrler kabinetiniň mejlisinden soň metbugata beýannama berdi.

1796118
"Türkiýe Hökmünde Umydyň Simwolyna Öwrüldik"

 

Prezident R. T. Erdogan, “Daşary işler ministrimiz Mewlüt Çawuşogly çarşenbe güni Moskwada, penşenbe güni hem Kiýewde saparda bolar” diýdi.

Prezident Erdogan paýtagt Ankarada geçirlen Ministrler kabinetiniň mejlisinden soň metbugata beýannama berdi.

Erdogan “Ýetilen sepgitde krizisleriň, dartgynlyklaryň möwjeýän döwründe hem degişli taraplar bilen gepleşik geçirip bilýäris. Türkiýe hökmünde umydyň simwolyna öwrüldik” diýdi.

Prezident Erdogan, mart aýynyň 11-13-i aralygynda Antalýada geçirlen Antalýa diplomatiýa forumynyň çäginde Türkiýäniň tagallasy netijesinde Russiýa bilen Ukrainanyň daşary işler ministrleriniň duşuşandygyny we bu duşuşygyň diplomatiýa taýdan diýseň möhümdigini belledi.

Prezident Erdogan beýannamasynda, Daşary işler ministri Mewlüt Çawuşoglynyň Russiýada weUkrainada saparda boljakdygyny nygtady.

Prezident Erdogan “Şu gün Polşanyň Prezidenti Duda bilen duşuşaryn”diýdi.



Degişli Habarlar