“Raýatlarymyzy Howpsyz Ýagdaýda Ukrainadan Göçürmäge Dowam Edýäris”
Çawuşogly, Ukrainadan göçürlen türk raýatlarynyň sanynyň 11 müň 24 adama ýetendigini belledi.
Daşary işler ministri Mewlüt Çawuşogly, Russiýa-Ukraina söweşi sebäpli häzire çenli Türkiýäniň raýaty 11 müň 24 adamyň ýurda getirlendigini mälim etdi.
Ministr Çawuşogly, Twitterden beren habarnamasynda, düýn ýene-de 310 adamyň Ukrainadan göçürlendigini, şeýlelikde söweşiň başyndan bäri Ukrainadan göçürlen türk raýatlarynyň sanynyň 11 müň 24 adama ýetendigini belledi.
Çawuşogly “Raýatlarymyzy howpsyz ýagdaýda Ukrainadan göçürmäge dowam edýäris” diýdi.
Russiýa 24-nji fewralda Ukraina garşy harby hüjüm başladypdy.
Degişli Habarlar
Erdogan, Azerbaýjany Garaşsyzlyk Güni Bilen Gutlady
Erdogan, Aliýewe, 28-nji maý Azerbaýjanyň Garaşsyzlyk güni mynasibetli gutlag ýüzlenmesini ugratdy.
Terrorçy Mehmet Ýyldyrym Täsirsiz Ýagdaýa Getirildi
“Sofi” lakamly terrorçy Mehmet Ýyldyrym täsirsiz ýagdaýa getirildi