1915 Çanakgala köprüsi 18-nji martda açylar

Aziýa bilen Ýewropany birleşdirjek 1915 Çanakgala köprüsiniň açylyşy 18-nji martda ýerine ýetiriler

1781713
1915 Çanakgala köprüsi 18-nji martda açylar

Prezident Rejep Taýýip Erdogan Twitter hasabyndan beren beýanatynda: "Meýilleşdiren möhledimizden 1,5 ýyl ozal tamamlan, iň gysga wagtda milletimiziň hyzmatyna hödürlemek üçin 26-njy fewralda açmagy meýilleşdiren 1915 Çanakgala köprüsiniň açylyşyny raýatlarymyzyň talabyna laýyklykda Çanakgala Ýeňişimiziň gününde, ýagny 18-nji martda amala aşyrmak barada karara geldik" diýip habar berdi. 

Düýbi 2017-nji ýylyň 18-nji martynda, Türkiýe Respublikasynyň esaslandyrylan gününiň 100 ýyllygyna gabat gelýän 2023-nji ýylda açylmagy meýilleşdirilýän 1915 Çanakgala köprüsi dünýäniň uzak aralykçy iň uly köprüsü bolar.

1915 Çanakgala köprüsi reňkleri, figuralary we beýleki aýratynlyklary bilen simwollaryň köprüsi hökmünde bilinýär. 

Köprüniň ilkinji tapgyry Türkiýe Respublikasynyň esaslandyrylan gününiň 100-nji ýyllygyna bagyşlanyp 2023 metr hökmünde dizaýn edilipdi. 

Köprüniň minara birikmeleri we beýlekileri, Türkiýäniň baýdagyndaky ýaly gyzyl we ak reňkde edildi.



Degişli Habarlar