Türk Resmi Wekiliýeti Ysraýylda Saparda Boldy
Duşuşykda Ysraýylyň Prezidenti Ishak Gersogyň geljek aý Türkiýä gurajak sapary üçin görülýän taýarlyk ara alnyp maslahatlaşyldy
Prezidentiň Metbugat sekretary Ibrahim Kalyn bilen Daşary işler ministriniň orunbasary Sedat Önalyň ýolbaşçylygyndaky türk resmi wekiliýeti Palestinada geçiren gepleşiklerinden soň Ysraýyla bardy.
Diplomatik çeşmeleriň berýän maglumatyna görä, Ibrahim Kalyn bilen Sedat Önalyň ýolbaşçylygyndaky türk resmi wekiliýeti Ysraýylyň Prezident diwanynyň we Daşary işler ministrliginiň ýolbaşçylary bilen duşuşdy.
Duşuşykda Ysraýylyň Prezidenti Ishak Gersogyň geljek aý Türkiýä gurajak sapary üçin görülýän taýarlyk bilen birlikde özara gatnaşyklar we sebitara meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy.
Ysraýylyň Prezidenti Gergosyň, iki ýurduň ýolbaşçylarynyň arasyndaky duşuşyga gelip, türk resmi wekiliýetine “Hoş geldiňiz” diýendigi ýatladyldy.
Prezidentiň Metbugat sekretary Ibrahim Kalyn bilen Daşary işler ministriniň orunbasary Sedat Önalyň ýolbaşçylygyndaky türk resmi wekiliýeti Ramallah şäherinde Palestinanyň Prezidenti Mahmud Abbas tarapyndan kabul edilipdi.
Degişli Habarlar
Daşary Işler Ministri Fidan, Birleşen Arap Emirliklerinde Saparda Bolýar
Hakan Fidan,kärdeşi Abdullah bin Zaýid Al Nahýan bilen duşuşdy.