Çawuşogly Russiýa-Ukraina dartgynlygy barada beýanat berdi

Türkiýäniň Daşary işler ministri Mewlüt Çawuşogly, Russiýa-Ukraina dartgynlygy bilen baglanşykly: "Sebitde parahatçylyk isleýän bolsak, her kim deňagramly syýasat alyp barmaly" diýip belledi

1776470
Çawuşogly Russiýa-Ukraina dartgynlygy barada beýanat berdi

TRT Habar kanalyna beýanat beren Daşary işler ministri Mewlüt Çawuşogly, Russiýa we Ukraina bilen gatnaşyklary gowy bolan Türkiýäniň sebitde dartgynlygyň azaldylmagy üçin tagallalaryny dowam etdirýändigini habar berdi. 

"Bu ýerdäki mesele ilki bilen dartgynlygy azaltmak we durnuklylyga gowuşdyrmak" diýip aýdan Mewlüt Çawuşogly: "Islendik tagalla gymmatlydyr, emma kabirleri men hem bu işiň içinde bardyryn diýmek üçin edilen ädimlerdir. Bu ýerde ýasamalygy görýäris. Gerek bolmaýan beýanatlardan hem gaça durulmalydyr. Russiýa şu gün basyp alar, ertir basyp alar ýaly berilen beýanatlar Ukrainada tolgunmalara sebäp bolýar. Ykdysady taýdan hem Ukraina zyýan ýetirýär. Görüşimiz ýaly hakyky kartina olar ýaly däl. Hakyky kartinada dartgynlyk barmy, bar, çaknyşyk ähtimallygy barmy, bar, emma muny käbir Günbatar döwletler tarapyndan berilýän beýanatlar ýaly megafon diplomatiýasy bilen beýan etmek hökman däl" diýip mälim etdi. 

Türkiýäniň araçylygy bilen bagly bolsa Mewlüt Çawuşogly, Ukrainanyň ony isleýändigini, Russiýanyň hem gapysyny ýapmaýandygyny beýan etdi. 

Türkiýäniň tagallalaryny dowam etdirýändigini aýdan Çawuşogly: "Araçylyk egindeş baştutanlygyny BMG-de, Yslam Hyzmatdaşlyk Guramasynda alyp barýarys. Bu ýerde öz jogapkärçiligimizi bilýäris. Sebitiň deňagramlylygy hem ýüze çykmaga başlady bir tarapdan. Sebitde parahatçylyk, asudalyk, ykdysady galkynyş isleýän bolsak onda her kim deňagramly syýasat alyp barmaly. Ortada krizis bar we her kim elinden gelen tagallany etmelidir" diýip habar berdi. 



Degişli Habarlar