Türkiýe Mýanma bilen bagly beýanat berdi

Türkiýe 2021-nji ýylyň 1-nji fewralynda Maýanmada başdan geçirilen harby agdarlyşygyň 1-nji ýylynda ýurtdaky ýagdaýyň wehimli bolmaga dowam etmeginiň alada döredýändigi beýan edildi

1771469
Türkiýe Mýanma bilen bagly beýanat berdi

Türkiýäniň Daşary işler ministrliginden berilen ýazmaça beýanatda, Türkiýäniň islendik hökümet agdarlyşygyna we harby interwensiýa garşydygy aýan edildi. 

Beýanatda: "Mýanmada 2021-nji ýylyň 1-nji fewralynda amala aşyrylan harby agdarlyşygyň 1-nji ýylynda ýurtdaky ýagdaýyň wehimli bolmaga dowam etmegi alada döredýär" diýip habar berildi. 

Ýurtda parahatçylygyň we durnuklylygyň üpjün edilmegi üçin demokratiýanyň ýaňadandan ýola goýulmagy üçin gerek bolan ädimleriň iň gysga wagtda edilmegi we asuda halka garşy edilýän eden-etdiligiň bes edilmegi üçin çagyryş berilen beýanatda: "Mýanmada kyn şertlerde ýaşaýan Rohingýa musulmanlarynyň ýagdaýlarynyň gowulaşdyrylmagy we Rohingýa meselesine hemişelik çözgüdiň tapylmagy üçin tagallalaryň dowam etdirilmegine garaşýarys" diýip mälim edildi. 

Mýanmanyň goşuny 2020-nji ýylyň 8-nji noýabrynda umumy saýlawlarda hile edilendigi baradaky öňe sürmeleriň orta atylmagyndan we ýurtda syýasy durnuksyzlygyň başdan geçirilmeginden soň 2021-nji ýylyň 1-nji fewralynda häkimiýeti ele geçiripdi. 



Degişli Habarlar