Türkiýe, Pakistana Gynanç Bildirdi

Harby gözegçilik merkezine guralan hüjümde pakistanly 10 esgeriň şehit bolmagyna uly gynanç bildirildi

1770045
Türkiýe, Pakistana Gynanç Bildirdi

Türkiýe, Pakistanyň Buluçistan welaýatynda gözegçilik merkezine guralan hüjümde şehit bolan esgerler üçin gynanç bildirdi.

Daşary işler ministrligindem berlen ýazmaça beýannamada, Buluçistan welaýatynda gözegçilik merkezine guralan hüjümde pakistanly 10 esgeriň şehit bolmagyna uly gynanç bildirilýändigi nygtaldy.

Beýannamada, “Hüjümde ýogalanlaryň hossarlaryna, pakistanyň halkyna we hökümetine uly gynanç bildirýäris. Pakistanyň terrora garşy alyp barýan göreşine goldaw bermäge dowam ederis” diýildi.



Degişli Habarlar