Türkiýe Bosgunlar Boýunça Syýasaty Dünýä Görelde Boldy

Prezidentiň ýanyndaky Kommunikasiýalar edarasynyň Başlygy Fahrettin Altun Türkiýäniň hakykata laýyk we gumanitar bosgunlar syýasaty bilen dünýä görelde bolandygyny aýtdy.

1768734
Türkiýe Bosgunlar Boýunça Syýasaty Dünýä Görelde Boldy

Altun paýtagt Ankarada Kommunikasiýalar edarasynyň hemaýat bermeginde Halkara Media Maglumatlary Jemgyýeti tarapyndan guralan Bosgunlar we media temaly işjeň maslagata gatnaşdy.

Maslahatda söz sözlän Altun globallaşma diskursunyň we liberallaşma meýilleriniň çarpaýa galan döwrüniň yzda galandygyny, günbataryň bir tarapdan sosial döwlet çökgünligine şaýatlyk edýändigini, bir tarapdan-da syýasy taýdan çykgynsyzlygy başdan geçirýändigini görýändiklerini aýtdy.

Altun; “Ýetilen sepgitde günbatar dünýäsi gynansagam rasizmiň çuňlaşan, daşary ýurt duşmançylygynyň ýaýbaňlanýan, sosial gettolaşmanyň artýan medeni zolagy hökmünde halkara arenasynda özüni görkezýär” diýdi.

Meseleleriň milli derejede çykyp, halkara häsýete eýe bolýan döwrüni başdan geçirýändiklerine ünsi çeken Altun; “Bu döwürde Türkiýe durnuklaşdyryjy güýç hökmünde hem öz howpsuzlygy we durnuklylygy hem-de sebit ýurtlarynyň howpsuzlygy we durnuklylygy üçin ýerlerde, şeýle-de stoluň başynda göreş alyp bardy. İňňän anyk netijeler aldy. Bu taýda Türkiýe hakykata laýyk we gumanitar bosgun syýasaty bilen dünýä görelde boldy” diýdi.

Prezidentiň ýanyndaky Kommunikasiýalar edarasynyň Başlygy Fahrettin Altun Türkiýäniň bir tarapdan söweşden, terrorizmden, gyrgynçylyklardan gaçanlara el açandygyny, bir tarapdan-da ýurtlaryndan kowulan adamlara buýsançly, howpsuz we meýletin yza dolanyp barmaga şert döretmek üçin elinden geleni edýandigini aýtdy.

Altun şu günki günde Germaniýanyň 530 müň, Şwedsiýanyň bolsa 130 müň siriýaly bosguny kabul edendigini, ondan daşgary haýsydyr bir günbatar ýurdunda 50 müňden artyk siriýaly bosgunyň ýokdugyna ünsi çekip, Türkiýäniň bolsa Germaniýadan 8 esse köp bosguna hemaýat berýändigini mälim etdi.



Degişli Habarlar