“Gysga Wagtda Jenap Putin Bilen Zelenskini Duşuşdyrmak Isleýäris”

Prezident Erdogan, Salwadoryň Prezidenti Naýib Bukele bilen birlikde metbugata beýannama berdi.

1766088
“Gysga Wagtda Jenap Putin Bilen Zelenskini Duşuşdyrmak Isleýäris”

Prezident R. T. Erdogan, Russiýanyň döwlet Ýolbaşçysy Wladimir Putin bilen Ukrainanyň Prezidenti Wladimir Zelenskini gysga wagtda duşuşdyrmak isleýändiklerini aýtdy.

Prezident Erdogan, resmi sapar bilen Ankara gelen Salwadoryň Prezidenti Naýib Bukele bilen birlikde metbugata beýannama berdi.

Salwador bilen Türkiýäniň arasyndaky söwda mukdaryny ilkinji etapda 100 million, geljek 5 ýylda hem 500 million dollara çykarmagy maksat edinýandiklerini aýdan Erdogan, žurnalistleriň Russiýa-Ukraina gatnaşyklary hakyndaky soraglaryna hem jogap berdi.

Erdogan “Sebitde parahatçylygyň we durnuklylygyň üpjün edilmegini isleýäris. Gysga wagtda Jenap Putin bilen Zelenskini duşuşdyrmak isleýäris” diýdi.

Prezident Erdogan “Jenap Putiniň Türkiýä guraýan saparyna we meniň Ukraina guraýan saparyma uly ähmiýet berýäris. Geljek aýyň başynda Ukraina sapar guramagy meýilleşdirýärin. Putin bilen hem duşuşaryn” diýip belledi.

 

 

 

 



Degişli Habarlar