Ukraina Türkiýe tarapyndan berilen teklibe oňyn garaýar

Mihaý Podolýak, RBK Ukraina beren beýanatynda, Türkiýäniň Prezidenti Rejep Taýýip Erdoganyň sebitdäki ýagdaýa örän gowy düşünýändigini habar berdi

1765495
Ukraina Türkiýe tarapyndan berilen teklibe oňyn garaýar

Ukrainanyň Prezidentiniň ofisiniň başlygy Mihaý Podolýak, Prezident Rejep Taýýip Erdogan tarapyndan Russiýanyň Döwlet ýolbaşçysy Wladimir Putine we Ukrainanyň Döwlet ýolbaşçysy Wladimir Zelenskä berilen teklibiň gowy oýlanşykly we potensiala eýe bir teklipdigini beýan etdi. 

Mihaý Podolýak, RBK Ukraina beren beýanatynda, Türkiýäniň Prezidenti Rejep Taýýip Erdoganyň sebitdäki ýagdaýa örän gowy düşünýändigini habar berdi. 

Erdoganyň ukrainalylaryň we ruslaryň sebäplerini örän gowy bilýändigini aýdan Podolýak, teklibiň gowy oýlanşykly we potensiala eýe bir teklipdigini beýan etdi. 

Russiýanyň hökümediniň Metbugat geňeşçisi Dmitriý Peskow hem Prezident Erdoganyň Russiýa bilen Ukrainanyň arasyndaky meseleleri çözmek üçin Russiýanyň Döwlet ýolbaşçysy Wladimir Putine we Ukrainanyň Döwlet ýolbaşçysy Wladimir Zelenskä beren çakylygyny hoşallyk bilen kabul edendiklerini beýan edipdi. 

Prezidentiň Metbugat geňeşçisi, ilçi Ibrahim Kalyn, Prezident Rejep Taýýip Erdoganyň Russiýa bilen Ukrainanyň arasynda meseleleri çözmek maksady bilen hem Russiýanyň Döwlet ýolbaşçysy Wladimir Putin bilen hem-de Ukrainanyň Döwlet ýolbaşçysy Wladimir Zelenskiý bilen söhbetdeş bolandygyny belläp: "Erdogan hatda isleseler ikisinide Türkiýä gelmäge, aralaryndaky meseleleri we tapawutlylyklary çözmek üçin maslahat geçirmäge çagyrdy. Türkiýe Russiýa bilen Ukrainanyň arasyndaky dartgynlygy azaltmak üçin her dürli roly eýelemäge taýardyr. Muny hem Russiýanyň hem Ukrainanyň dosty hem-de NATO hyzmatdaşy hökmünde ýerine ýetireris" diýip mälim edipdi. 



Degişli Habarlar