Estoniýanyň Daşary Işler Ministri Türkiýede Saparda Bolar

Ewa Maria Liimetsiň Adana welaýatyndaky bosgun düşelgelerine hem baryp görmegi meýilleşdirilýär.

1765355
Estoniýanyň Daşary Işler Ministri Türkiýede Saparda Bolar

Estoniýanyň Daşary işler ministri Ewa Maria Liimets Türkiýede saparda bolar.

Estoniýanyň Daşary işler ministri Ewa Maria Liimets, ýanwar aýynyň 19-21-i aralygynda Daşary işler ministri Mewlüt Çawuşoglynyň myhmany hökmünde Türkiýä geler.

Myhman daşary işler ministriniň saparynyň çäginde iki ýurduň arasyndaky özara gatnaşyklar, NATO we Türkiýäniň ÝB-ne agzalyk etaby bilen birlikde sebitara we halkara meseleleriň ara alnyp maslahatlaşylmagyna garaşylýar.

Ewa Maria Liimetsiň Adana welaýatyndaky bosgun düşelgelerine hem baryp görmegi meýilleşdirilýär.



Degişli Habarlar