Erdogan-Wuçiç metbugat ýygnagy

Prezident Erdogan Bosniýa-Gersegowinadaky krizisiň hötdesinden gelinmegi üçin halkara jemgyýetiň bilelikde hereket etmeginiň zerurlygynyň äşgärdigini habar berdi

1764711
Erdogan-Wuçiç metbugat ýygnagy

Prezident Rejep Taýýip Erdogan Türkiýä resmi sapar bilen gelen Serbiýanyň Prezidenti Aleksandr Wuçiç bilen geçiren ikiçäk duşuşygyndan soň geçirilen gol çekilşik dabarasynda we umumy metbugat ýygnagynda çykyş etdi. 

Serbiýa bilen gatnaşyklaryň örän gowy derejededigini aýdan Erdogan, geçiren duşuşyklarynda Balkanlar başda bolmak bilen sebitleýin we halkara meseleler boýunça pikir alyşylandygyny mälim etdi. 

Epidemiýanyň ýaramaz täsirine garamazdan ikitaraplaýyn söwda kuwwadynyň geçen ýyl 34 göterim artdyrylyp, 2 milliard dollara ýetirilendigini aýdan Erdogan, maksatlarynyň bolsa 5 milliard dollara çykarmakdygyny aýan etdi. 

Türkiýäniň Serbiýadaky maýa goýumlarynyň jemi gymmadynyň 1 million dollardan 250 million dollara çykandygyny aýdan Erdogan: "Türkiýe hökmünde biz hem öz gezegimizde ýurdumyzda maýa goýmak isleýän serbiýaly maýadarlara her dürli goldawy bermäge dowam ederis" diýip habar berdi. 

Prezident Erdogan: "Serbiýanyň Bosniýa-Gersegowinanyň özbaşdaklygyna berýän goldawy sebitimiziň parahatçylygy we asudalygy taýdan örän möhümdir. Bosniýa-Gersegowinadaky krizisiň hötdesinden gelinmegi üçin halkara jemgyýetiň bilelikde hereket etmeginiň zerurlygy äşgärdir. Türkiýe hökmünde Balkanlarda dartgynlygyň azaldylmagy üçin gerek bolan tagallany etmäge dowam ederis" diýip beýan etdi. 

Erdogan Wuçiç bilen bosniýalylaryň, horwatlaryň we serbiýalylaryň liderlerini bir ýere jemläp, bu işiň hötdesinden gelmek barada karara gelendiklerini aýan etdi. 

Serbiýanyň Prezidenti Wuçiç hem Türkiýe bilen ýurdunyň arasyndaky söwda kuwwadynyň taryhyň iň ösen derejesine ýetendigini belläp: "Prezident Erdogana Bosniýa-Gersegowinanyň territorial bütewiligine örän hormat goýandygymyzy aýtdym" diýip beýan etdi. 



Degişli Habarlar