2025-nji ýyldan soň angardan her aý 2 hürjet uçary çykarylar

Milli tälim we ýeňil söweşjeň uçary Hürjet uçarynyň 2025-nji ýyldan soň her aý 2 sanysynyň öndürilmäge başlanjakdygy habar berildi

1763427
2025-nji ýyldan soň angardan her aý 2 hürjet uçary çykarylar

Türk awiasia we älem giňişligi senagaty AŞ edarasynyň (TUSAŞ) Baş müdüri Temel Kotil, Hürjet taslamasy bilen bagly maglumat berdi. 

Hürjet uçarynyň prototiplerini ýasandyklaryny, 1-2 aýyň içinde uçary dolulygyna görkezip biljekdiklerini aýdan Kotil: "Hürjet 2023-nji ýylyň 18-nji martynda ilkinji uçuşyny amala aşyrar" diýip mälim etdi. 

Hürjet taslamasyny Milli harby uçaryň öňüne goýandyklaryny aýdan Kotil, ol ýerde öwrenilenleri milli harby uçara geçirjekdiklerini beýan etdi. 

2025-nji ýyldan soň her aý 2 Hürjet uçaryny angardan çykarjakdyklaryny aýdan Kotil, Hürjetiň bäsdeşlerine garşy iň gowy tehnologiýalaryň özgerdilip öndürilendigini habar berdi. 


Etiketkalar: #angar , #uçar , #Hürjet

Degişli Habarlar