Prezident Erdogan Albaniýa sapar gurar

Prezident Rejep Taýýip Erdogan, Albaniýanyň Premýer ministri Edi Ramanyň çaklylygyna laýyklykda 17-nji ýanwarda Albaniýa sapar gurar

1763283
Prezident Erdogan Albaniýa sapar gurar

Saparyň çäginde geçiriljek duşuşyklarda, strategik hyzmatdaşlyk derejesindäki Türkiýe-Albaniýa gatnaşyklary ähli taraplaýyn gözden geçiriler, hyzmatdaşlygyň giňldilmegi üçin edilip bilinjek ädimler ara alynyp maslahatlaşylar. Duşuşyklarda ikitaraplaýyn gatnaşyklar bilen birlikde sebitleýin we halkara meseleler barada pikir alyşylar.  

2019-njy ýylda Albaniýada başdan geçirilen ýer titremede öýlerinden mahrum bolan maşgalalar üçin Türkiýe tarapyndan Laç şäherinde gurulan öýleriň gowşurylyş dabarasy hem saparyň çäginde amala aşyrylar.

Prezident Erdogan Tirana şäherinde TIKA tarapyndan abatlanan Ethem Beg metjidiniň açylyşyna gatnaşar, Albaniýanyň mejlisinde çykyş eder. 



Degişli Habarlar