Fahrettin Altunyň täze kitaby çykdy

Fahrettin Altunyň kitaby, Türkiýe bilen bilrikde ABŞ-da we Britaniýada kitap söýüjilere satylmaga başlandy

1763278
Fahrettin Altunyň täze kitaby çykdy

Kommunikasiýalar edarasynyň başlygy Fahrettin Altun tarapyndan iňlis dilinde ýazylan "Türkiye as a Stabilizing Power in an Age of Turmoil" (Global haos döwründe durnuklaşdyryjy bir güýç: Türkiýe) atly kitaby çap edildi. 

Kommunikasiýalar edarasynyň başlygy Fahrettin Altunyň kitabynda: global ulgamyň bir görnüşi bolan haosy başyndan geçirýän zamanynda Türkiýäniň tezislerini, durnuklaşdyryjy we düzgün ýola goýujy roly barada gürrüň berilýär. 

Türkiýäniň soňky 20 ýylda global ulgamda eýeleýän rolunyň we başyndan geçiren kynçylyklarynyň analiz edilen kitapda, Prezident Rejep Taýýip Erdoganyň daşary syýasat maksatnamasynyň esasy parametrleriň üstünde durulyp geçilýär. 

Kitapda halkara ulgamyň dowamly häsýetde krizis ýüze çykarýandygyna ünsler çekilip, ulgamyň parahatçylygy we durnuklylygy ýola goýmakdan uzakdygy beýan edilýär. 

Fahrettin Altunyň kitaby, Türkiýe bilen birlikde ABŞ-da we Britaniýada kitap söýüjilere satylmaga başlandy. 



Degişli Habarlar