Egeý deňizinde ýer titreme boldy

Egeý deňizinde 5,3 bal ululygynda ýer titreme boldy

1763345
Egeý deňizinde ýer titreme boldy

Tebigy apatlar we adatdan daşary ýagdaýlar edarasynyň (AFAD) internet saýtynda berilen habara görä, Türkiýäniň wagty bilen sagat 14:48-de bolan ýer titreme deňiz derejesinden 18,76 km aşagynda emele gelendigi mälim edildi. 

Ýer titremäniň güýç merkeziniň Çanakgala welaýatynyň Gökçeada etrabyndan 125,84 km alysda, Gresiýanyň Haldiki ýarymadasyndan bolsa 16,5 km alysda bolandygy aýan edildi. 



Degişli Habarlar