Prezident Erdogan Aýdyn Welaýatyna Iş Saparyny Gurady

"Türkiýe ösýär, güýçlenýär we dünýäniň ykdysady taýdan ösen 10 ýurdundan biri bolmak üçin aýgytly ädimler bilen öňe barýar”

1763143
Prezident Erdogan Aýdyn Welaýatyna Iş Saparyny Gurady

Prezident R. T. Erdogan, Türkiýäniň güýn saýyn güýçlenýändigini we dünýäniň ykdysady taýdan ösen 10 ýurdundan biri bolmak üçin aýgytly ädimler bilen öňe barýandygyny aýtdy.

Erdogan Aýdynda Günbatar Kipaş kagyz fabriniň açylyş dabarasyna gatnaşdy.

Türkiýäniň, Afrikanyň, Aziýanyň we Ýewropanyň önümçilik merkezidigini nygtan Erdogan; “Türkiýäniň senagat önümçiligi indeksi 144-ne çenli baryp ýetdi. Täze görnüş koronawirus epidemiýasyna garamazdan ösüş depginini dowam etdirdi. Türkiýe 205 ýurda we sebitde öndürýän harytlaryny eksport edýär. Türkiýe ösýär, güýçlenýär we dünýäniň ykdysady taýdan ösen 10 ýurdundan biri bolmak üçin aýgytly ädimler bilen öňe barýar” diýdi.

Prezident Erdogan “Türkiýe Günbatar Kipaş kagyz fabrinde öz kagyzyny öndürer. Ozal ýurdumyz 250 million dollarlyk kagyz satyn alýardy indi bolsa 200 million dollarlyk kagyz eksport eder” diýip belledi.



Degişli Habarlar