Türkiýe we Ermenistan Gepleşikleri Şertsiz Dowam Etdirer

Ilkinji duşuşyk Moskwada geçirildi.

1762869
Türkiýe we Ermenistan Gepleşikleri Şertsiz Dowam Etdirer

Türkiýäniň Ermenistan boýunça ýörite wekili, Ilçi Serdar Kylyç bilen Ermenistanyň ýörite wekili Rubin Runinýan iki ýurduň arasyndaky gatnaşyklaryň kadalaşmagy hakynda pikir alyşmak üçin Russiýanyň paýtagty Moskwada duşuşyk geçirdiler.

İlkinji duşuşykdan soň ýazmaça beýannama çap eden Türkiýäniň Daşary işler ministrligi, ýörite wekillerin oňyn we netijeli geçen ilkinji duşuşyklarynda Türkiýe bilen Ermenistanyň arasynda dialog arkaly alynyp baryljak kadalaşma tapgyry boýunça şertsiz pikir alyşandyklary habar berildi.

Beýannamada; “Taraplar gepleşikleri doly kadaşma maksadyna laýyklykda şertsiz dowam etdirmek boýunça ylalaşdylar. Ýörite wekillerin arasyndaky ikinji duşuşygyň ýeri we wagty diplomatik kanallar arkaly kesgitlener” diýilýär.

Diplomatik çeşmeler Moskwadaky özara duşuşygyň 1,5 sagat dowam edendigini habar berdi.

Daşary işler ministri Mewlüt Çawuşogly 13-nji dekabrda Türkiýäniň Beýik Millet Mejlisinde eden çykyşynda Türkiýe-Ermenistan gatnaşyklarynda täze döwrüň başlandygyny beýan edipdi.

Ilçi Serdar Kylyç 15-nji dekabrda Türkiýe Respublikasynyň Ermenistan Respublikasy boýunça Ýörite wekilligine bellenipdi.

Ermenistan bolsa Parlamentiň Başlygynyň orunbasary Ruben Rubinýany Türkiýe bilen gatnaşyklaryň kadalaşdyrylmagy boýunça ýörite wekillige belläpdi.



Degişli Habarlar