Türkiýäniň Ilkinji Öýjükli Hemrasy “Grizu-263A” Bilen Aragatnaşyk Ýola Goýuldy

“Grizu-263A” 4 ýyl 8 aý iş alyp barar.

1762598
Türkiýäniň Ilkinji Öýjükli Hemrasy “Grizu-263A” Bilen Aragatnaşyk Ýola Goýuldy

Bülent Ejewit uniwersitetiniň İnženerçilik fakultetiniň talyplar topary “Grizu-263” älem giňişligi topary tarapyndan dizaýn edilen we ABŞ-nyň Florida ştatynda ýerleşýän Keýp Kanaweral bazasyndan uçurylan Türkiýäniň ilkinji öýjükli emeli hemrasy bilen aragatnaşyk ýola goýuldy.

“Grizu-263A” Türkiýe wagty boýunça düýn sagat 18:25-de “SpaýsX” firmasyna degişli falkon raketasy bilen älem giňişligine uçurylmagyndan 1 sagat soň orbitasyna ornaşdy.

“Grizu-263” toparynyň sosial media hasabyndan berilen habarnamada; “Emeli hemramyz “Grizu-263A-dan” ilkinji signal alyndy, emeli hemramyz diri. Signallaryň alynmagyny ýola goýan Mehmet Fatih Engin, Tahsin Çagry Şişman, İbrahim Arda, Ýylmaz Baryş Erkan we Bilge Demirköz mugallymlarymyza sagbolsun aýdýarys” diýilýär.

Toparyň ýolbaşçysy Çagla Aýtaç Dursun bolsa sosial media hasbyndan; “Bunsanç. Dizaýn etdik, öndürdik, synagdan geçirdik we älem giňişligine uçurdyk. Indi bolsa emeli hemramyz “Grizu-263A” işiniň başynda” diýip ýazdy.

1992-nji ýylyň 3-nji martynda Zonguldakda grizu gazy sebäpli bolan partlamada pida bolan magdançylaryň atlary bilen kosmos syýahatyna başlan emeli hemranyň 525 kilometre barabar pes dünýä orbitasynda 4 ýyl 8 aý iş alyp barmagy meýilleşdirilýär.

 

 



Degişli Habarlar