1 Ýylda 138 Million Dozadan Gowrak Sanjym Edildi

"1 ýylda 138 million dozadan gowrak sanjym edildi. Şol möhletde ýerli sanjymymyz bolan TURKOWAK-y hem öndürdik"

1762790
1 Ýylda 138 Million Dozadan Gowrak Sanjym Edildi

Saglygy goraýyş ministri Fahrettin Koja, täze görnüş koronawirus epidemiýasyna garşy Türkiýede 1 ýylda 138 million dozadan gowrak sanjym edilendigini aýtdy.

Ministr Koja sosial mediadan beren habarnamasynda, Türkiýede Kovid-19-a garşy sanjymlama kampaniýasynyň 1 ýyl ozal başlandygyny ýatladyp;

“1 ýylda 138 million dozadan gowrak sanjym edildi. Şol möhletde ýerli sanjymymyz bolan TURKOWAK-y hem öndürdik. Güçli depginde dowam eden sanjymlama kampaýasy 1 ýylda biziň gündelik durmuşymyzy kadalaşdyrdy. Sanjymlarymyzy etdirmäge dowam edeliň” diýdi.

 



Degişli Habarlar