Turkowak Koronawak sanjymyna garanyňda 49 göterim has gowy goraýar

Turkowak sanjymynyň 3-nji tapgyr synaglary tamamlandy

1761524
Turkowak Koronawak sanjymyna garanyňda 49 göterim has gowy goraýar

Koronawirus epidemiýasyna garşy oýlanyp tapylan ýerli türk sanjymy Turkowakyň Hytaý tarapyndan öndürilen Koronawak sanjymyna garanyňda 49 göterim has gowy goraýandygy anyklandy. 

Turkowak sanjymynyň 3-nji tapgyr synaglary tamamlandy. 

Geçirilen synaglara görä, meýletinleriň ýarsy Turkowak toparyna ýarsy bolsa Koronawak toparyna bölündi. Meýletinlere 28 gün arakesme bilen 2 doza sanjym edildi. 

Geçirilen işleriň çäginde 1286 adama azyndan 1 doza barlag dozasy, 1158 adama bolsa 2 doza sanjym edildi. 

Turkowak we Koronawak sanjymlary jemi 2444 doza görnüşinde edildi. 

Täsirlilik barlag analizleri 1182 meýletinde geçirildi. 

Geçirilen barlag işleriniň netijesinde Turkowak sanjymynyň Koronawak sanjymyna görä 49 göterim has gowy goraýandygy anyklandy. 



Degişli Habarlar