Türkiýe Gresiýanyň Prezidentine reaksiýa bildirdi

Türkiýe Gresiýanyň Prezidenti Katerina Sakelaropullunyň açylyş çäreleriniň birinde beren beýanatyna reaksiýa bildirdi

1761902
Türkiýe Gresiýanyň Prezidentine reaksiýa bildirdi

Türkiýäniň Daşary işler ministrligi tarapyndan berilen ýazmaça beýanatda, Gresiýanyň Prezidenti Katerina Sakelaropullunyň Afiny şäheriniň Elliniko-Agrirupoli etrapçasynda gurulmagy meýilleşdirilýän "Sürmene Bütindünýä Pontus Ellinizm" köşgüniň tanyşdyrylyş çäresinde eden çykyşynda, Türkiýäniň ýakyn taryhy barada sarp eden esassyz öňe sürmelerine reaksiýa bildirilendigi habar berildi. 

Beýanatda: "Bu öňe sürmeler Anadolyny basyp almaga synanyşanyň Gresiýadygyny, Gresiýanyň goşunynyň esasan hem Günbatar Anadoly sebitimizdäki bigünä adamlara garşy wagşylyk bilen adam jenaýatlaryny edendigi baradaky hakykaty üýtgetmez. Alýans Döwletleriň Derňew komissiýasynyň habarnamasynda bellige alynan şol jenatlar sebäpli Gresiýanyň Lozanna Parahatçylyk ylalaşygynyň 59-njy maddasyna laýyklykda, söweş hukugyna ters gelýän aksiýalardan gözbaş alýan zyýanlaryň öwezini dolmaga borçludygyny ýene-de bir gezek ýatladýarys" diýip aýan edildi. 

Gresiýanyň ýygy-ýygydan öňe sürýän hakykata bap gelmeýän günäkärlemeleriň, iki ýurdyň arasyndaky meseleleriň çözgüdi ýolundaky açyk göwünli we hakykatçyl dialog gurşawynyň emele getirilmegi bilen bagly ädimlere zyýan ýetirýändigi bellenen beýanatda: "Bular ýaly garaýyşlar we hereketler, döwletden garaşylýan jogapkärçilige gabat gelmeýär. Şol çäkde goňşy ýurt Gresiýa ýene-de bir gezek sagdyn pikirlilige we konstruktiw bir düşünjä çagyrýarys" diýip habar berildi. 



Degişli Habarlar