Türkiýäniň Daşary işler ministri Hytaýda saparda bolýar

Türkiýäniň Daşary işler ministri Mewlüt Çawuşogly, resmi sapar bilen Hytaýda kärdeşi Wang Ýi bilen toparara gepleşiklere ýolbaşçylyk etdi

1761648
Türkiýäniň Daşary işler ministri Hytaýda saparda bolýar

Daşary işler ministri Mewlüt Çawuşogly Wang Ýi bilen geçiren duşuşygynda ikitaraplaýyn gatnaşyklary we koronawirus epidemiýasy ýaly global meseleleri ara alyp maslahatlaşdy. 

Mewlüt Çawuşogly Twitterden beren beýanatynda Şanhaýyň golaýyndaky Wuşi şäherine Wang bilen duşuşandygyny belläp: "Hytaýyň Daşary işler ministri Wang Ýi bilen ikitaraplaýyn gatnaşyklarymyzy we sebitleýin meseleleri ele aldyk. Ykdysady hyzmatdaşlyk mümkinçiklerimizi gözden geçirdik. Uýgur türkleri başda bolmak bilen güntertibimizdäki meseleler barada garaýyşlarymyzy, tamalarymyzy we duýgurlygymyzy belläp geçdik" diýip habar berdi. 



Degişli Habarlar