Prezident Erdogan partiýasynyň TBMM-däki maslahatynda çykyş etdi

Prezident Rejep Taýýip Erdogan, terror howplaryny gözbaşynda ýok etmäge dowam etjekdiklerini habar berdi

1761505
Prezident Erdogan partiýasynyň TBMM-däki maslahatynda çykyş etdi

Ýurdyň Prezidenti we Adalat we ösüş partiýasynyň başlygy Rejep Taýýip Erdogan, partiýasynyň TBMM-däki topariçi maslahatynda çykyş etdi.

Çykyşynda terrora garşy alynyp barylýan üstünlikli göreşiniň üstünde durup geçen Erdogan, ýurda garşy abanýan terror howplaryny gözbaşynda ýok etmäge dowam etjekdiklerini habar berdi.

Erdogan: "Nirede aklyňyzda terror zolagy bar bolsa ol ýerde biz esgerlerimiz, žandarmamyz, polisiýa işgärlerimiz, howpsuzlyk goragçylarymyz bilen bardyrys, bar bolmagada dowam ederis" diýip mälim etdi. 

Türkiýäni dünýäniň iň ösen 10 ykdysadyýetiň birine öwürmek maksadynyň çäginde islendik ugurda ýollaryny tutanýerlilik dowam etdirýändiklerini aýdan Erdogan: "Ileri tutýan ugrumyz iş orunlaryny köpeldip, milletimiziň eklenjini howpsuzlyk astyna alyp, maksatlarymyzy biri-birin durmuşa geçirmekdir" diýip aýan etdi.  

Erdogan: "Koronawirus epidemiýasynyň täsirini azaltmak bilen birlikde dünýä söwdasyndaky öwrülşige ser salanymyzda ösün ýurtlaryň bir böleginiň sanawyň otrisatel bölegine ýereleşendigini görýäris. Türkiýäniň hem sanawyň ilkinji orunlarynda bolan ösüp barýan ýurtlaryň käbirleriniň bolsa sanawyň položitel tarapyndadygyny görýäris. Iş orunlarynyň sanyny 30 million çägine ýetirmegimiz, ýurdumyzy maýa goýum, iş üpjünçilik, önümçilik, eksport ýollary bilen ösüş strategiýamyzyň meýilnama laýyklykda barýandygyny görkezýär. Bu ýoldan asla yza dänmän, maksatlarymyza tarap tutanýerlilik bilen ýöremegimizi dowam etdireris" diýip habar berdi. 



Degişli Habarlar